Быстрорастущая отрасль

29 августа, 2021
view-icon
55

Garaşsyzlyk ýyllary içinde öňde goýýan möhüm wezipeleriniň oňyn çözgütlerini tapmagynda energetika pudagyna uly orun degişlidir. Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde bu möhüm ähmiýetli senagat pudagynyň döwrebap ulgamyny döretmekde düýpli öňegidişlik gazanyldy. Mundan 11 ýyla golaý wagt ozal Balkan welaýatynyň Balkanabat döwlet elektrik stansiýasynda her biriniň kuwwaty 127,1 megawat bolan iki sany gaz turbinaly energobloguň işe girizilmegi muňa anyk mysaldyr. Ylmyň gazananlaryna daýanýan kuwwatly önümçilik desgasyny işlerine ezber hünärmenleriň kämil kompýuterler arkaly ussatlyk bilen dolandyrýandyklaryny bellemek gerek. Işleriň üç çalşykda alnyp barylmagy bolsa, önümçilik mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmaga hem-de sebitiň ilatyny elektrik togy bilen bökdençsiz üpjün etmäge şertleri döredýär. Kärhanada baý tebigy serişdelerimizi netijeli peýdalanmak arkaly halkyň abadançylygynyň hyzmatynda goýmak, şeýle-de daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de eksport ugurly önümleriň möçberlerini artdyrmaga, ýurdumyzyň sebitlerini toplumlaýyn ösdürmäge gönükdirmek babatdaky tabşyryklara mynasyp goşant goşmakda zerur işleriň alnyp barylýandygyny görmek bolýar.

Добавить комментарий

Поделиться новостью:
WORDS ONLY
Последние новости
18 октября, 2021
Новости Балканского велаята
16 октября, 2021
Завод по производству йода налаживает экспорт свой продукции
14 октября, 2021
Свободный эксперт прокомментировал участие Туркменистана в Тюркском Союзе
14 октября, 2021
Товары доставляются без перебоя