Был проведен брифинг

28 августа, 2021
view-icon
46

Balkan welaýat häkimligi bilen Balkan welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde guramaklarynda Balkan welaýat kitaphanasynda medeniýet ulgamynda zähmet çekýän zenanlaryň arasynda «Zenan bagtyýarlygy-Zeminiň abatlygy» ady bilen brifing geçirildi. Çykyş edenler «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça guralan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogyndan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmekde, ýurdumyzda zenanlaryň ýaşaýyş-durmuşyny, zähmet şertlerini gowulandyrmakda, gender deňligini üpjün etmekde, olaryň asuda ýaşamaklary, saýlap alan hünärlerinde zähmet çekmekleri, okamaklary, medeniýetli dynç almaklary babatda uly işleriň alnyp barylýandygy barada gürrüň etdiler. Bagtyýar zamanada zenanlaryň ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryna gatnaşmagyny üpjün edýän kämil kanunçylyk kadalarynyň kepillendirilendigini aýratyn bellediler. Türkmenistanyň 2018-2022-nji ýyllar üçin Zenanlaryň ýagdaýy boýunça komissiýasyna, Gender deňligi hem-de zenanlaryň hukuklarynyň we mümkinçilikleriniň giňeldilmegi meseleleri boýunça 2022-2024-nji ýyllarda BMG-niň düzüminiň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlanylmagynyň bu ugurda amala aşyrylýan işleriň netijeli subutnamasy bolup durýandygyny buýsanç bilen aýtdylar.

Добавить комментарий

Поделиться новостью:
WORDS ONLY
Последние новости
18 октября, 2021
Новости Балканского велаята
16 октября, 2021
Завод по производству йода налаживает экспорт свой продукции
14 октября, 2021
Свободный эксперт прокомментировал участие Туркменистана в Тюркском Союзе
14 октября, 2021
Товары доставляются без перебоя