Товары доставляются без перебоя

14 октября, 2021
view-icon
72

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň «Kenar» toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasynda şu ýylyň başyndan bäri müşderilere ugradylan nebit önümleriniň umumy möçberi üç million tonna barabar boldy. Şonça taýýar harytlyk önümleriň deň ýaryna golaýy daşarky, galan möçberi bolsa içerki bazarlara ugradyldy. Bu ýerden taýýar nebit önümleri ýüklenen gämilerdir otlular deňiz we polat ýollar arkaly Gruziýa, Malta, Azerbaýjan, Owganystan, Özbegistan, Ukraina ýaly döwletlere tarap ýola düşýärler. «Kenar» toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasynda bitirilýän işler ýurdumyzdan daşarda hem uly ähmiýete eýedir. Kärhana ýükleri üstaşyr geçirmekligi üstünlikli ýola goýýar. Daşary ýurtlardan deňiz arkaly gelýän nebit önümlerini tankerlerden hiç bir ýitgisiz düşürip, demir ýol çeleklerine guýmak we olary niýetlenen ýurtlaryna üstaşyr geçirmek bökdençsiz amala aşyrylýar. Bu ýerde häzirki wagtda taýýar nebit önümleriniň gämilere ýüklenilýän iki sany nokady hereket edýär. Ýakyn geljekde şeýle möhüm nokatlaryň ýene birini gurmak göz öňünde tutulýar.

Добавить комментарий

Поделиться новостью:
WORDS ONLY
Последние новости
19 мартa, 2022
“Без труда не вытащишь и рыбку из пруда”
19 мартa, 2022
Новруз – праздник мира и дружбы
18 мартa, 2022
Столетняя мать
17 мартa, 2022
Изобилие хлебобулочных изделий