Махтумкули-духовная опора туркмен

27 июня, 2021
view-icon
58

Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Balkan welaýat kitaphanasynyň guramagynda «Magtymguly Pyragy — türkmeniň ruhy sütüni» atly döredijilik duşuşygy geçirildi.

Medeniýet we sungat, bilim işgärleriniň, ýerli şahyrlaryň, mährem eneleriň we talyp ýaşlaryň gatnaşmaklarynda geçirilen duşuşykda medeniýet ulgamyndaky ösüşler, Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi barada giňişleýin gürrüň edildi. Berkarar döwlet islän şahyryň şanyna täze ýazylan goşgular okaldy. Welaýat ýörite sungat mekdebiniň bagşy-sazandalarynyň ýerine ýetirmeginde beýik şahyryň sözlerine döredilen şirin owazly aýdym-sazlar belentden ýaňlandy. Ata Watanymyzyň, bagtyýar döwrümiziň, Magtymguly Pyragynyň waspy ýetirildi. Soňra «Şygryýet äleminiň öçmejek çyragy» atly kitap sergisine syn edildi.

Добавить комментарий

Поделиться новостью:
WORDS ONLY
Последние новости
25 января, 2023
Вдохновленные песни и танцы
24 января, 2023
Древнее наследие
24 января, 2023
Мастер железнодорожник
24 января, 2023
Ровесник века