Шампиньоны – украшение столов

23 февраля, 2022
view-icon
54

Balkanabat şäheriniň golaýynda, Düzmergen ýaýlasynda ýerleşýän hem-de ýaz nygmaty saýylýan kömelekleri ösdürip ýetişdirmäge ýöriteleşdirilen ýyladyşhana toplumy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Altynnur zamany» hususy kärhanasyna degişli bolup, Hytaý hem-de Ýaponiýa döwletlerinden satyn alnan kämil enjamlar bilen üpjün edilendir. Ylmyň öňdebaryjy gazananlaryna daýanýan toplumda ýyladyşhana şertlerinde ösdürilip ýetişdirilýän kömelekleriň iki görnüşiniň bitginli hasyly kemala getirilip, sarp edijilere yzygiderli ýetirilýär. Toplum kömelekleriň hersi üçin niýetlenilen aýratyn ýyladyşhanalaryň 6-syny özünde jemleýär. Munuň özi hasyl ýygnalýan wagtynda kömelekleriň her görnüşinden günde 100 kilogramdan 150 kilograma çenli önüm almaga mümkinçilik berýär. Bu ýerde ekişiň bir tapgyrynda 3,5-4 tonna çenli kömelek hasylyny ýygnamak üçin zerur şertleriň bardygyny hem bellemek gerek.

Döwrebap işläp taýýarlamalaryň hem-de daýhançylygyň netijeli, täzeçe usullarynyň sazlaşykly ulanylmagy arkaly ýyladyşhana toplumynda ösdürilip ýetişdirilýän ekologiýa taýdan arassa kömelekler terligi bilen içerki sarp edijilere bökdençsiz ugradylyp durulýar. Toplumda kömelegiň bir görnüşiniň şertli gaplara gaplamak arkaly müşderilere ýetirilýändigi ünsi çekerlikdir. Bu ýerde hereket edýän ýörite bölümde her sagatda bir müň sany şertli gaplara gaplanan önümleri taýýarlamaga şertler bar.

Birbada täze iş orunlarynyň ellisini döretmäge mümkinçilik beren ýyladyşhana toplumynda kömelekleriň tohumlary taýýarlananda, ýörite barlamhana gözegçiliginiň ýola goýulmagy, ideg işleriniň agrotehniki talaplara doly laýyk gelmegi hasyllylyga, önümiň ýokary hil derejesine oňyn täsirini ýetirýär. Şonuň üçin ýokary hilli kömelekleriň müşderileriniň hatary günsaýyn artýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň agzasy, «Altynnur zamany» hususy kärhanasynyň ýolbaşçysy Ahmet Annaýew ýyladyşhanada ýetişdirilýän kömelekleri geljekde daşarky bazarlara çykarmagy hem göz öňünde tutýandyklaryny aýdýar.

Добавить комментарий

Поделиться новостью:
WORDS ONLY
Последние новости
19 мартa, 2022
“Без труда не вытащишь и рыбку из пруда”
19 мартa, 2022
Новруз – праздник мира и дружбы
18 мартa, 2022
Столетняя мать
17 мартa, 2022
Изобилие хлебобулочных изделий