Ýurdumyzda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly bir aýlyk dowam edýär. Biraýlygyň çäklerinde onuň ähmiýetini açyp görkezýän dürli mazmunly çäreler geçirilýär. Balkanabat şäherindäki “Türkmeniň ak öýi” binasynda “Howpsuz hereket” ady bilen geçirilen döredijilik bäsleşigi hem biraýlyga bagyşlandy. Onda Balkanabat şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylary nakgaş eserleri bilen bäsleşdiler. Çagalaryň çeken suratlarynda ýol belgileri, köçe-ýol hereketiniň kadalaryny berjaý etmegiň ähmiýeti giňden beýan edilýär.
Jemgyýet
Ähli habarlar
Ýurdumyzda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly bir aýlyk dowam edýär. Biraýlygyň çäklerinde onuň ähmiýetini açyp görkezýän dürli mazmunly çäreler geçirilýär. Balkanabat şäherindäki “Türkmeniň ak öýi” binasynda “Howpsuz hereket” ady bilen geçirilen döredijilik bäsleşigi hem biraýlyga bagyşlandy. Onda Balkanabat şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylary nakgaş eserleri bilen bäsleşdiler. Çagalaryň çeken suratlarynda ýol belgileri, köçe-ýol hereketiniň kadalaryny berjaý etmegiň ähmiýeti giňden beýan edilýär.
Medeniýet
Ähli habarlar
Gyzylarbat çeper halyçylyk kärhanasynda 2007-nji ýyldan bäri zähmet çekip gelýän Maýsa Nurberdiýewa nepis halylary dokamakda baý tejribe toplan zenan. Ol bu hünäri saýlap almagynda ejesi Ogulgözeliň täsiriniň uludygyny nygtaýar. Elbetde, bu inçe senediň ussady bolmak üçin, ilkinji nobatda, irginsiz zähmet, yhlaslylyk, başarjaňlyk gerek. Ýaş halyçynyň zähmet ýoluna başlan döwründen keser tutup, darak kakyşyna, synnyny ezberlik bilen işledişine kärhananyň baýry halyçylarynyň hem syny oturyp, oňa özbaşdak haly dokamaga pata berýärler. Ol geçen ýyllaryň içinde dürli ölçegli halylary dokamaga gatnaşdy. Çeken yhlasly zähmeti oňa at-abraý getirdi. Üstümizdäki ýylda hormatly Prezidentimiziň Permany bilen, «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ada mynasyp bolan Maýsanyň begenjiniň çägi ýok. Ol: — Halal zähmetiň höziri görülýän döwrümizde näçe işleseňem, döretseňem bärden gaýdýar. Aýratynam, bize — zenanlara goýulýan hormat-sarpa egsilmeýär. Kiçilikden öwrenen hünärim meni bagtdan paýly derejä ýetirdi. Geljekde-de täze nagyşlary döretmekde, haly dokamaklygyň inçe syrlaryny ýaşlara öwretmekde yhlas-başarnygymy gaýgyrman zähmet çekerin — diýip, buýsanç bilen gürrüň berdi.
Fotoreportaž
Ähli habarlarTehnologiýa
Ähli habarlar
Welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher geňeşiniň hem-de TMÝG-niň «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasynyň guramagynda talyp ýaşlaryň arasynda sanly tehnologiýa ulgamyndan we innowasion serişdelerden peýdalanmagyň medeniýetini düşündirmek maksady bilen, «Sanly bilim ulgamy-jemgyýeti öňe alyp gitmegiň esasy guraly» atly şygar astynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bilim ulgamynyň täze ösüşlere eýe bolýandygy, ulgamyň işini döwrebap derejede guramak, oňa innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, bu babatda, milli aýratynlyklary göz öňünde tutmak bilen, dünýä tejribesinden ugur almak, sanly bilim ulgamyna geçmek boýunça alnyp barylýan giň möçberli işler barada giňişleýin gürrüň edildi.
Ykdysadyýet
Ähli habarlar
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de Agrar partiýasynyň agzasy «Altyn nur zamany» hususy kärhanasy, esasan, oba hojalyk önümleriniň dürli görnüşlerini gaýtadan işlemek bilen meşgullanýar. Netijede, halkymyz üçin islegli önümleri öndürip, ýurdumyzyň söwda nokatlaryny, ak bazarlaryny daşary ýurtlardan satyn alynýan önümleriň ornuny tutýan ýokary hilli we ekologiýa taýdan arassa azyk önümleri bilen bökdençsiz üpjün edýär. Sarp edijileriň islegleri içgin öwrenilip, gök, miwe we bakja önümlerinden taýýarlanan dürli mürepbelerdir şerbetler, pomidor goýultmalary aýna gaplarda konserwirlenen görnüşde taýýarlanylýar. Kärhanada daşary ýurtlardan satyn alnan iň bir kämil enjamlar bilen enjamlaşdyrylan ýöriteleşdirilen bölümler hereket edýär. Önümleriniň içerki we daşarky bazarlarda uly islege eýe bolmagy kärhananyň işçi-hünärmenlerini täze zähmet üstünliklerine, döredijilikli gözleglere ruhlandyrýar.