
10 döwletden 10 topar
Halkara ýaryşda Bahreýnyň, Belarussiýanyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Omanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Türkiýänyň, Özbegistanyň we Türkmenistanyň saýlanan iň naýbaşy hokkeý toparlary özara toparçalaýyn bäsleşerler.
Ilki on sany topar “A” we “B” toparçalara bölünip, olar toparçadan çykmak üçin bäsleşerler. Türkmenistanyň Içeri Işler ministrliginiň “Galkan” hokkeý topary “A” toparçada “Ice Box” (Eýran), “Oman Hanjars” (Oman), “Bahreýn” (Bahreýn) we “Feniks” (Özbegistan) toparlary bilen güýç synanyşar. “B” toparçada bolsa “Wolat” (Belarussiýa), “Akmola” (Gazagystan), “Dordoý” (Gyrgyzstan), “Orhis-Kazan” (Respublika Tatarystan, Russiýa Federasiýasy) we “Gümüş Patenler SK” (Türkiýe) hokkeý toparlary özara güýç synanyşarlar.
Bu abraýly halkara ýaryşa ykjam taýýarlyk gören, ýurdumyzyň sekiz gezek çempiony bolan “Galkan” hokkeý toparyna ýaşyl Tugumyzy has-da belentde parlatmaklaryny arzuw edýäris.