100 ýyl hasyl berýän agaç

Taryh
19.03.2025
113

100 ýyl hasyl berýän agaç

 Günorta-Günbatar Köpetdag ösümlik dünýäsine örän baýdyr. Şol ösümlikleriň biri-de arnapdyr. Bu ýerde arnabyň diňe bir görnüşi gabat gelýär. Ol boýy 3-8 metre ýetýän, tikenli, ýaýrap ösýän agaçdyr. Şahalary ýalaňaç garamtyl-goňur reňkli, ýapraklarynyň daşy gataňsyrak bolýar.

Arnap maý aýynyň aýaklarynda, iýun aýynda gülläp başlaýar we awgust-sentýabr aýlarynda miwesi bişip ýetişýär. Ol tohumy we düýbünden çykan kök ösüntgileri arkaly köpelip, gurakçylyga, yssa hem sowuga çydamlydyr. Arnap deňiz derejesinden 800-1200 metr belentliklerde bitýär we haýal ösýän ösümlikleriň hataryna girýär. Dört ýylyň dowamynda bary-ýogy bir metre golaý ösýär. Özüniň haýal ösmegine garamazdan, 100 ýylyň dowamynda oňat hasyl berýär. Ol dermanlyk häsiýetli ösümlikdir.