12-nji iýun Ylymlar güni

Çäreler
06.06.2024
244

12-nji iýun Ylymlar güni

Bilşimiz ýaly 12-nji iýunda Türkmenistanda Ylymlar güni bellenilýär. Ylymlar güni mynasybetli ýurdumyzda birnäçe çäreler, ylmy maslahatlar we sergiler geçirilýär. Her ýylda bolşy ýaly şu ýyl hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy 2024-nji ýylyň 12 - 13-nji iýunynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Ylymlar gününe bagyşlanyp gibrid görnüşde geçirilýän “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly halkara ylmy maslahaty geçirilýär.

Ylmy maslahatyň tematiki ugurlary: nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek we energetika; biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika; maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary; häzirki zaman lukmançylygy we derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary; innowasion ykdysadyýet; ynsanperwer ylymlardan ybarat bolup, ylmy maslahatyň iş dilleri esasan türkmen, iňlis we rus dilidir.