25-nji maý – goşa baýram, goşa toý

Jemgyýet
31.05.2024
179

25-nji maý – goşa baýram, goşa toý

Türkmeniň toýy goşa-goşadan diýlişi ýaly, ýylyň-ýylyna ýurdumyzda asylly däbe öwrülen Aşgabat şäheriniň güni we “Soňky jaň” dabarasyna görülýän taýýarlyklar şol günüň şatlyk-şowhuna baý boljakdygyndan habar berýär.

2013-nji ýylyň 25-nji maýynda paýtagtymyz Aşgabat ak mermerli binalaryň has köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. 11 ýyl mundan ozal şeýle derejä ýeten paýtagtymyz bu günlerde has-da pajarlaýar. Elbetde, gurulýan belent-belent ymaratlar, döredilýän gözel seýilgähler, säherler guşlaryň saýraýan sesleri abadançylygyň, asudalygyň alamatydyr. Häzirki wagtda türkmen paýtagty bütin dünýäniň ünsüni özüne çekýän döwrebap şäher hasaplanýar. Şondan bäri bolsa her ýylyň şol güni, ýagny 25-nji maýy bolsa Aşgabat şäheriniň güni hökmünde ýurdumyzyň ähli künjeginde dabaraly ýagdaýda bellenilýär.