Ykdysadyýet
09.09.2026
57
Abatlaýjylaryň sazlaşykly işleri
«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň «Gamyşlyja guýulary düýpli abatlaýyş» müdirliginiň işgärleriniň yhlasly we tutanýerli zähmetiniň netijesinde şu ýylyň başyndan bäri müdirlik boýunça önüm bermesini kemelden guýularyň 30-synyň deregine 39-sy gaýtadan dikeldilip, nebit çykaryjylara tabşyryldy. Netijede, bu baradaky meýilnama 130 göterim ýerine ýetirildi. Munuň özi müdirlik boýunça goşmaça alnan nebitiň möçberiniň 33 müň tonna bolandygyny aňladýar. Kärhana boýunça gaz çykarmaklygyň meýilnamasy-da artygy bilen ýerine ýetirildi.