Abatlaýjylaryň zähmet üstünligi

Ykdysadyýet
22.10.2026
62

Abatlaýjylaryň zähmet üstünligi

 Senagat taýdan ýokary depginde özleşdirilýän  tebigy ojaklardaky önüm bermesini kesen ýa-da kemelden guýularda zerur bolan abatlaýyş işlerini alyp barýan «Goturdepeguýularydüýpliabatlaýyş» müdirliginiň hünärmenleri ýokary zähmet netijelerini gazanýarlar. Abatlaýjylar ýylyň başyndan bäri guýularyň 177-sinde düýpli abatlaýyş işlerini geçirdiler. Olaryň 161-sinde gaýtadan önüm almak işleri ýola goýlup, munuň özi göz öňünde tutulandakydan 9 guýy köpdür. Şeýlelikde, bu babatda meýilnama 106 göterim berjaý edildi. Gaýtadan ulanyş hataryna goşulan guýulardan goşmaça alnan «gara altynyň» umumy möçberi 82 müň 352 tonna barabar bolup, meýilnama 114 göterim hötde gelindi.

 

Täze habarlar