
«Açyk gapylar» güni geçirildi
Welaýat saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar, okaýar, döredýär ajaýyp işler» ady bilen «Açyk gapylar» güni geçirildi. Bu dabaraly çärä Balkanabat şäherindäki orta mekdeplerden, çagalar baglaryndan köp sanly myhmanlar gatnaşdylar.
«Açyk gapylar» gününiň açylyş dabarasyndan soňra myhmanlar toplumyň mugallymlarynyň, okuwçylarynyň el işleriniň sergisine uly gyzyklanma bilen syn etdiler. Dabara gatnaşan myhmanlar toplumyň mekdep ýaşly hem-de mekdebe çenli ýaşly çagalar bölümlerinde geçirilen açyk sapaklara gatnaşdylar. Toplumda bilim-terbiýe alýan okuwçylar ajaýyp döwrümize bimöçber hoşallyklaryny goşgularyň, aýdymlaryň üsti bilen beýan etdiler. Terbiýeçileriň, okuwçylaryň uly joşgun bilen ýerine ýetiren döwrebap küştdepdisi, şirin aýdymlary, gysgajyk sahna oýunlary çärä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Olar bu ýerde çagalaryň ýaşaýyş-durmuş şertleri, olaryň saglyklaryny dikeltmekde lukmanlar toparynyň alyp barýan işleri, çagalaryň dynç almagy, okamagy üçin döredilen giň mümkinçilikler bilen tanyş boldular.