«Adam eli — gyzyl gül»
Welaýat häkimliginiň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde welaýatymyzyň edara-kärhanalaryny, guramalaryny we okuw mekdeplerini bagy-bossanlyga, gülzarlyga öwürmek, ekilen bag nahallaryna, güllere talabalaýyk ideg etmek işlerine höweslendirmek maksady bilen yglan eden «Adam eli — gyzyl gül» atly bäsleşiginiň jemi jemlendi. Onda edara-kärhanalarda, guramalarda we okuw mekdeplerinde bag nahallarynyň we gülleriň oturdylyşyna, olara talabalaýyk ideg edilişine, şeýle-de ol ýerleriň daş-töwereginde arassaçylyk kadalarynyň talabalaýyk berjaý edilişine seljerme berildi. Bäsleşikde welaýat dermanhana müdirligi birinji, Magtymguly etrabyndaky 11-nji orta mekdep ikinji, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebi üçünji orunlara mynasyp boldular.
Ýeňijilere Hormat hatlary we gymmatbahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.