Agaçdan gap-gaçlar
Türkmen halkynyň hojalyk durmuşynda agaç gap-gaçlara aýratyn orun degişli bolupdyr. Kersenler, çanaklar, okaralar, susaklar, çemçeler türkmen topragynda bitýän agaçlardan ýasalypdyr. Tut, söwüt, toraňňy, dagdan ýaly agaçlardan hojalykda zerur gap-gaçlar ýasalypdyr.
Kersen agaçdan içi köwlüp ýasalan uly göwrümli gap bolup, köp çagaly maşgalalar, şeýle-de türkmeniň milli toýlarynda dürli tagamlary guýmak üçin ulanylypdyr.
Çanak bir, iki adam naharlanmak üçin niýetlenipdir.
Okara çanaga görä kiçi göwrümli bolupdyr.
Susak uzyn saply, uly çemçe görnüşli bolup, suwuk nahar guýmak, susup almak üçin ulanylypdyr.
Çemçe susakdan kiçi bolup, nahar iýmek üçin peýdalanylypdyr.
Agaç ussalary tarapyndan ýasalan gap-gaçlaryň ýarylmazlygyny we uzak wagtlap ulanylmagyny gazanmak üçin olar gaýnan ýaga batyrylyp, bişirilip, gandyrylypdyr.
Halk döredijilik eserlerinde agaç gap-gaçlar baradaky aýtgylara, yrymlara nakyllara duş gelmek bolýar.
Halkymyzda toý dessurlarynda ýel, tozan turman, toý asuda sowlar ýaly, yryma eýerilip, goşa çemçäni ak öýüň işiksöýesinden alaja işip daňyp goýupdyrlar. Goňşokara däplerinde «Bar, okaram, gel, okaram, barmasaň, gelmeseň, orta ýolda döwül, okaram» diýlip sanawaç, «Birje çemçe şorja serçe çorbasy» diýlip, ýaňyltmaç aýdylypdyr. «Çemçeläp ýygnanyňy çanaklap dökme» diýen nakyl bar.