Agar çäkmen

Ýurduň çäginde
23.06.2025
61

Agar çäkmen

 Türkmen milli lybaslarynyň biri bolan agar çäkmenler ir döwürlerden bäri iň arzyly, elýetmez harytlaryň biri bolupdyr. Onuň sebäbi ýüňüň hiliniň oňatlygy, dokalyşynyň we tikilişiniň nepisligi, ýumşaklygy we ýeňilligi bilen häsiýetlendirilýär. Çäkmen geýnen erkek adam salyhatly görünýär. Ol adam bedenini gyşyna ýyly, tomsuna salkyn saklaýar, ýagyş geçirmeýär. Günüň şöhlesiniň zyýan berýän bölegini yzyna gaýtarmaga ukyply bolýar. Onuň arassaçylyk taýdan hem ähmiýeti uludyr. Öňki döwürde türkmenler çäkmene iň päkize zatlaryň biri hökmünde garapdyrlar. Ony namazlyk deregine hem ulanypdyrlar. Erkek kişileriň donlarynyň birnäçe görnüşleri bolup, olar eýeleriniň ýaş aýratynlyklary, jemgyýetdäki orunlary boýunça tapawutlanýarlar. Olaryň içinde özüniň nepisligi we berkligi bilen saýlanýan agar çäkmen adatça pygamber ýaşyna ýeten erkek kişilere sowgat berlip, adamyň jemgyýetdäki abraýyny görkezipdir. Agar çäkmen ýüňden, ýüpekden, pagtadan, şeýle-de kenep hem zygyr ösümliklerinden alynýan ýüplüklerden dokalypdyr. Türkmenleriň mata önümçiliginde giňden ulanylýan çig mallarynyň içinde iň oňatlarynyň biri düýäniň ýüňünden egrilýän ýüplükdir. Sebäbi düýe ýüňünden dokalan matalar inçe, berk we nepis bolupdyr. Düýe ýüňünden dokalan matadan tikilen eşikleriň arasynda agar çäkmen has köp islegden peýdalanypdyr. Agar çäkmeniň, esasan, iki görnüşi meşhur bolup, birinjisi «inçe çäkmen» (ýa-da «ýuka çäkmen») diýlip atlandyrylypdyr. Inçe çäkmen tikilende düýäniň, esasan hem, köşegiň saýlama ýüňünden egrilen inçe ýüplükden dokalan mata saýlanyp alnypdyr. Şonuň üçin hem ol «inçe çäkmen» diýlip atlandyrylypdyr we esasan, baýramçylyk günleri geýlipdir. Inçe çäkmeniň matasy näçe açyk mele reňkli (düýe ýüňüniň tebigy reňki) bolsa, onuň hili şonça-da ýokary hasaplanypdyr.

«Ýogyn çäkmen» (ýa-da «egin çäkmen») diýlip atlandyrylan agar çäkmeniň ikinji görnüşi ýogynrak egrilen adaty, uly düýeleriň ýüňünden ýöntemräk edilip dokalypdyr we erkek kişileriň gündelik üstki geými hökmünde ulanylypdyr. Agar çäkmeniň matasyny taýýarlamagyň milli tärleri bar. Bu donuň matasy üçin düýe ýüňüniň saýlanylyşyna aýratyn üns berilýär. Şol sebäpli düýe ýüňünden inçe hem nepis çäkmenlik mata dokamak üçin Balkan sebitlerinde düýäniň iner we maýa, Tagtabazar, Ýolöten sebitlerinde torum ýa-da ogşuk we uly düýe, Daşoguz welaýatynda arwana düýäniň guba torum ýaly aýratyn görnüşleriniň ýüňünden peýdalanylýar. Saýlanyp alnan ýüňüň reňkiniň öwüşginini uzak wagtlap saklamak, şeýle hem ony ýumşatmak, inçeltmek üçin dürli tärler ulanylypdyr. Munuň üçin ýüňi aja, ýagny turşa ýatyrmak täri has giňden ýaýrapdyr. Ajyny (ergini) taýýarlamak üçin jöweniň, arpanyň, bugdaýyň dänesini 10-15 günläp suwa ezip, suwuny arassa gaba guýup, onuň içine ýüňi basypdyrlar. Käbir ýerlerde ýüň çöpboýanyň suwuna, düýäniň çalyna we aýrana hem basylypdyr. Turşudylmak üçin salnan ýüňi her gün bulap durupdyrlar. Ony şeýle usul bilen arassalamak 7 günden 40 güne çenli dowamlylykda alnyp barlypdyr. Agar çäkmenlik ýüň bäş günläp süýtde gaýnadylýar, netijede ýüň ýüpegiň ýumşaklygy ýaly örän owadan we berk bolýar. Işine ezber dokmaçylar agar çäkmeniň matasynyň nepis, inçe bolmagy üçin hem uçursyz köp zähmet çekipdirler. Adatça, agar çäkmenlik matany sähetli gün dokap başlapdyrlar. Ony adygan ussat senetçiler dokapdyrlar. Bu çäkmeniň biçilişine hem dokmaçylar aýratyn ähmiýet beripdirler. Il içinde «Şenbede biçme, jumada göçme» diýen aýtgydan ugur alnyp, agar çäkmeni sähetli gün biçip, tikmäge başlapdyrlar. Don giň biçüwde, ýeňiniň uzynlygy goşardan sähelçe aşak düşüp durar ýaly edilip tikilipdir. Matasy insiz dokalandygy üçin donuň arka tarapy iki bölek mata birikdirilip, öň tarapyna çapy urlupdyr. Çapy donuň iki öň synyna urulýan uzyn gyýtak görnüşli mata bolup, donluk matanyň özünden edilýär. Çapy dony giň biçmäge hem-de onuň ýakasynyň yza çekilmezligine ýardam edýär. Agar çäkmen giň, iki gapdaly ýartmaçly we dikýaka biçüwli tikilipdir. Donuň öň tarapyndan aşak etekleri, ýartmaçlary bilen bilelikde gyzyl, gara reňkli jähek, ýüpek ýa-da ýüň mata tikilip, onuň üstünden bolsa alaja aýlap bezäpdirler.