Ägirt mümkinçilikeri özünde jemleýän port
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň beýleki ulgamlary bilen birlikde, Türkmenbaşy Halkara deňiz porty hem düýpli özgerişleri başdan geçirýär. Sebitde deňi-taýy bolmadyk portuň umumy tutýan meýdany 152 gektara barabar bolup, ol parom, ýolagçy hem-de ýük terminallaryny özünde jemleýär.
Halkara deňiz portunyň bir wagtyň özünde gämileriň 17-sine hyzmat etmäge ukyply bolan duralgalarynyň umumy uzynlygy 1800 metrden gowrakdyr. Bu kuwwatly toplumda ýük terminallarynyň birnäçesi hereket edýär. Portdaky ownuk ýükler terminalynyň taslamadaky kuwwaty ýylda ortaça 3 million tonna, 261 müň inedördül metr meýdanda ýerleşýän umumy ýükler terminalynyň kuwwaty bolsa ortaça 4 million tonna ýüke barabardyr. Bu terminallaryň kuwwatly ykjam ýük göteriji kranlar we ýük göterijiligi 5 müň tonna bolan dürli görnüşli gämiler bilen üpjün edilmegi üstaşyr ýükleri düşürmekde we olary ýüklemekde uly ähmiýete eýe bolýar. Bu ýerde howa, awtomobil we demir ýol ulaglary arkaly getirilen ýükleri üstaşyr ugratmaklyga niýetlenen konteýner terminaly bolup, onda göterijiligi 5 müň tonna bolan gämileriň 3-si hereket edýär. Şeýle-de bu ýerde 300 müň ýolagça, 75 müň ýük ulaglaryna hyzmat etmäge hem-de ýylda 400 müň konteýneri daşamaga ähli şert-mümkinçilikler bar.
Halkara deňiz portunyň umumy geçirijilik kuwwaty bolsa, nebit önümlerini hasaba almanyňda, 17 million tonna barabardyr. Bu ýerdäki «Balkan» atly gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody ýylda poladyň 12 müň tonnasyny senagat taýdan gaýtadan işlemäge, gämileriň 4-sini gurmaga, 20 gämide bolsa abatlaýyş işlerini geçirmäge niýetlenilendir.