Ählihalk dabaralary — halkymyzyň agzybirliginiň nyşany

Jemgyýet
27.03.2023
284

Ählihalk dabaralary — halkymyzyň agzybirliginiň nyşany

Ýurdumyzda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni şatlyk-şowhunly dabaralara beslendi. Bu baýramçylyk mynasybetli ýurt derejesindäki esasy dabaralar, däp bolşy ýaly, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky «Nowruz ýaýlasynda» ýaýbaňlandyryldy.

Bu ýerde baýramçylyk mynasybetli köp sanly ak öýleri, sekileri, öý haýwanlary saklanylýan agyllary, atarylan gazanlary öz içine alýan uly türkmen obasy döredildi. Şeýle hem halky şatlandyrýan belent sesli jarçylary we artistleri bilen Gündogar bazarynyň keşbi sazlaşykly utgaşdy.

Watanymyzyň ähli künjeklerinden bu ýere türkmenistanlylaryň köp sanlysy geldi. Şeýle-de daşary ýurtly myhmanlar hem bu ýerde aýdym-sazlardyr duz-çörek bilen garşylandylar.

Myhmanlaryň öňünde «Nowruz geldi bu bagtyýar Diýara» atly sahnalaşdyrylan çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. Şeýle-de sahna görnüşi esasynda gadymy türkmen topragynyň arheologik tapyndylar görkezildi. Bu ýerde döredilen täsin obada türkmenleriň däp bolan ýaşaýyş-durmuşy, köpöwüşginli däp-dessurlary janlandyryldy. Paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň döredijilik toparlary özleriniň çuň manyly çykyşlarynda bu däpleri aýdyňlyk bilen beýan etmegi başardylar.

Ýurdumyzyň ähli sebitlerinden gelen bagşylar toparynyň ýerine ýetiren, gadymyýetden gözbaş alýan sazlary bu sahnanyň özboluşly bezegine öwrüldi.

Täze habarlar

Medeniýet
Jemgyýet
Ýurduň çäginde
Ýurduň çäginde