Ählihalk forumyna bagyşlandy

Jemgyýet
01.10.2025
41

Ählihalk forumyna bagyşlandy

 Balkan welaýat häkimliginiň guramagynda Türkmenistanyň Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen geçirilen dabaraly maslahat «Türkmen halkynyň milli Lideriniň nusgalyk döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen beýik geljege tarap» diýlip atlandyryldy. Häkimligiň mejlisler jaýynda geçirilen maslahata Balkan welaýat halk maslahatynyň agzalary, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we beýleki ulgamlaryň işgärleri, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler we talyp ýaşlar gatnaşdylar. Çärede Türkmenistanyň Halk maslahatynyň mejlisinde kabul edilen çözgütler hakynda giňişleýin gürrüň edildi. Milli Liderimiziň hem-de döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary bilen durmuşa geçirilýän beýik işleriň diňe halkyň bähbidine gönükdirilýändigi barada buýsanç bilen bellenildi. Dabaraly maslahatyň dowamynda sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren şirin aýdym-sazlarynda uly ösüşlere beslenýän ata Watanymyzyň, döwrümiziň, Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli tutumlarynyň waspy belentden ýaňlandy.

Täze habarlar