Ajaýyp Awazada ýaňlanan aýdymlar

Çäreler
13.06.2024
189

Ajaýyp Awazada ýaňlanan aýdymlar

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Balkan welaýat häkimliginiň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň “Awaza - dostluk mekany” diýen at bilen geçiren aýdym-sazly dabarasy şatlyk-şowhuna beslendi. Milli syýahatçylyk zolagynyň gözel künjeklerinde Balkan welaýatynyň ussat aýdymçy-sazandalarynyň, talyp ýaşlaryň ýerine ýetiren aýdym-sazlarynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň, sapaly Awazanyň, ajaýyp döwrümiziň waspy ýetirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy halkara derejeli duşuşyklaryň, forumlaryň, dürli medeni çäreleriň, sport ýaryşlarynyň geçirilýän merkezine öwrüldi. Çärede şeýle gözel mekanyň tarypy belentden ýetirildi, welaýat döwlet drama teatrynyň artistleriniň edebi-sazly çykyşlarynda hem dost-doganlygyň mekany bolan gözel künjek wasp edildi. “Dehistan” aýdym-tans we folklor etnografiýa, “Dagdan” halk döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary tomaşaçylaryň şatlygyna şatlyk goşdy. Olaryň çykyşlaryna çärä gatnaşyjylaryň goşulmagy dabara özboluşly bezeg berdi. “Hazar merjenleri” çagalar tans toparynyň bagtly çagalygy wasp edýän aýdymlary, halk ertekilerinden janlandyran keşpleri dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy. Dabara gatnaşyjylaryň bilelikde ýerine ýetiren “Alkyşnama” aýdymy onuň özboluşly jemlenmesine öwrüldi.