Ajaýyp aýdymlar, şirin mukamlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda yglan edilen «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň Balkan welaýat döwlet drama teatrynda geçirilen welaýat tapgyryna onuň etrap-şäher tapgyrlarynda ýeňiji bolan bagşylar hem-de sazandalar gatnaşdylar. Bagşy-sazandalar bäsleşigiň şertine görä, türkmen halk hem-de mukamçy kompozitorlaryň döreden aýdym-sazlaryny ýerine ýetirmekde ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Şirinden-şirin aýdym-sazlaryň tomaşaçylar tarapyndan el çarpyşmalar bilen garşylanmagy bagşy-sazandalaryň bäsleşige taýýarlykly gelendiklerini äşgär etdi. Netijede, bäsleşikde bagşylaryň arasynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň 2-nji ýyl talyby Güýçberdi Gulow hem-de şol okuw mekdebiniň 5-nji ýyl talyby Güljemal Çakanowa, sazandalaryň arasynda bolsa Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň 4-nji ýyl talyby Gülöwser Nurtaganowa hem-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň 5-nji ýyl talyby Öwezgeldi Gutlyýew ýeňiji bolup, onuň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.