Ajaýyp döwrüň merdana nesli

Çäreler
15.12.2023
276

Ajaýyp döwrüň merdana nesli

Welaýat Baş bilim müdirliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher geňeşiniň bilelikde guramaklarynda baky Bitaraplygymyzyň 28 ýyllyk toýy mynasybetli Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdepde geçirilen «Merdana nesil - 2023» atly şadyýan bäsleşik ýokary ruhubelentlige beslendi. Oňa şäherdäki orta mekdepleriň 3-5-nji synplarynda okaýan oglanlar gatnaşdylar.

Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, okuwçy oglanlar Watana bolan söýgüsini, ata-babalarymyzyň gahrymançylykly synmaz ruhuna belent sarpasyny, bagtyýar zamanamyzyň ýeten belent sepgitlerini çeper sözde beýan etdiler. Olar şorta sözleri ýerine ýetirmekde hem biri-birinden kem durmadylar. Ýurdumyzda amala aşyrylýan uly ösüşleri, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy wasp edýän şirin aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirdiler.

Netijede, Balkanabat şäherindäki 23-nji orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy Arzuw Tagannurow birinji, daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy Şamyrat Myratjanow ikinji orunlara mynasyp bolup, bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Ýeňijilere bäsleşigi guraýjylar tarapyndan Hormat hatlary hem-de sowgatlar gowşuryldy.