Ajaýyp eser esasyndaky sahna oýny
Ýurdumyzyň döwlet drama teatrlarynyň arasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň yglan eden «Mähre doly eneleriň ýüregi» atly döredijilik bäsleşigi Balkanabat şäherindäki welaýat döwlet drama teatrynda täze sahna oýnunyň ilkinji görkezilişi bilen badalga aldy.
Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp kitabyndaky rowaýatlar esasynda Baýramsoltan Gurbanowa bilen Öwezmämmet Galandarowyň ýazan edebi esasynda «Enä tagzym, tagzym — mukaddeslige» ady bilen sahnalaşdyrylan sahna oýnunda halkymyzyň enä bolan garaýşy, hormat-sarpasy açylyp görkezilýär.
Öwezmämmet Galandarowyň režissýorlyk etmegindäki sahna oýnunda maşgalanyň agzybirligini, abatlygyny goramagy özüniň mukaddes borjy hasaplaýan enäniň asylly häsiýetleri, sabyr-kanagatlylygy beýan edilýär. Oýnuň terbiýeçilik ähmiýeti örän ýokary bolup, pederlerimizden dowam edip gelýän ýol-ýörelgeleri ýaşlaryň özlerine nusga edinmelidigi hem-de ene süýdüniň ynsan durmuşyndaky ähmiýeti baradaky düşünjeler onuň içinden eriş-argaç bolup geçýär.
Balkan welaýatyndan badalga alan bu döredijilik bäsleşiginiň jemi Halkara Zenanlar gününe gabatlanylyp jemlener.