Ajaýyp kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy

Jemgyýet
25.01.2024
368

Ajaýyp kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy

Balkan welaýat häkimliginde hormatly Prezidentimiziň halkymyza sowgat beren «Ýaşlar - Watanyň daýanjy» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Ýokary ruhubelentlikde geçirilen dabara Balkan welaýat we Balkanabat şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, edara-kärhanalaryň işgärleri, il sylagly ýaşulular, mährem eneler, bagtyýar ýaşlar gatnaşdylar.

Dabarada çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ilkinji kitabynyň çapdan çykmagynyň merdana halkymyzda, aýratyn-da ýaşlarymyzda egsilmez hoşallyk duýgusyny döredendigini belläp geçmek bilen, ajaýyp kitabyň ýaşlar bilen baglanyşykly bolmagynda çuňňur manynyň bardygyny aýratyn nygtadylar. Bu ýerde edilen çykyşlarda bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň parlak geljegi bolan ýaşlara uly ynam bildirýär hem-de aýratyn bil baglaýar. Geçen ýylda bagtyýar ýaşlarymyzyň ýurdumyzy ösdürmek, onuň halkara abraýyny belende galdyrmak ugrunda uly işleri durmuşa geçirendiklerini belläp geçmek gerek. Kitapda olaryň ykdysadyýet, medeniýet, saglygy goraýyş, ylym-bilim, sport we beýleki ulgamlarda, ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynda alyp barýan işleriniň waspy ýetirilýär.

Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş eden ýaşlar hem döwlet Baştutanymyzyň ýaş nesil barada edýän aladalaryna jogap edip, ýurdumyzyň bedew batly ösüşlerine mynasyp goşantlaryny goşjakdyklaryna ynandyrdylar. Dabarada Watanymyzyň daýanjy bolan ýaşlara uly ynam bildirýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, tutumly işleriniň rowaç bolmagy arzuw edildi.

Balkan welaýatynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan joşgunly aýdym-sazlar dabara aýratyn öwüşgin çaýdy. Olarda berkarar ýurdumyzda alnyp barylýan beýik işleriň, ajaýyp zamanamyzyň, bagtyýar ýaşlygyň waspy ýetirildi.

Dabaranyň ahyrynda hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul edildi.

Täze habarlar

Ýurduň çäginde
Ýurduň çäginde
Ýurduň çäginde