
Ajaýyp ýylyň şanly senesi
Garaşsyz Watanymyzyň halkara abraýynyň belende göterilmeginde, halkymyzyň baky bagtyýarlykda ýaşamagynda bitaraplyk taglymaty örän uly ähmiýete eýedir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan taryhy özgertmelerini üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň bitaraplyk derejesi has-da uly ykraryýete eýe bolýar. Birleşen Millietler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamanyň kabul edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.
Mälim bolşy ýaly, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň baky Bitaraplygynyň 30 ýyllygy halkara derejede uludan belleniler. Ajaýyp ýylyň şanly senesi mynasybetli biz duşuşyklary, wagyz-nesihat çärelerini geçirmäge uly üns berýäris. Olarda hemişelik Bitaraplygymyzyň taryhy ähmiýeti, dünýäde parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy üpjün etmekdäki orny baradaky buýsançly çykyşlara uly orun berilýär. Goý, biziň baky bagtyýarlygymyzyň sakasynda duran Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun!