“Ak altynyň” bereketli hasyly

Medeniýet
04.10.2025
50

“Ak altynyň” bereketli hasyly

Ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, Balkan welaýatynda hem pagta ýygymyna guramaçylykly girişildi. Möwsümiň başlanmagy mynasybetli Balkan welaýat häkimliginiň mejlisler jaýynda geçirilen dabaraly maslahatda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň agrosenagat toplumynda üstünliklere beslenýän giň gerimli özgertmeler barada durlup geçildi. Ýygymyň başlanmagy mynasybetli dabaraly çäreler soňra Gyzylarbat etrabynyň «Goç» daýhan birleşiginiň ekerançylyk meýdanynda dowam etdi. Ak öýleriň, döwrebap tehnikalaryň owadan hatarlary bu ýere bezeg berip, oba hojalyk önümleriniň, taryhy gymmatlyklaryň, el işleriniň sergisi, ümeçilik dessurlaryndan janlandyrylan pursatlar bu ýere ýygnananlarda uly gyzyklanma döretdi. Medeniýet we sungat ussatlarynyň bezemen sahnada ýaýbaňlandyran joşgunly çykyşlary ajaýyp döwrümiziň beýik tutumlarynyň, abadan durmuşymyzyň, daýhanlarymyzyň zähmet üstünlikleriniň waspy bolup ýaňlandy. Şunuň ýaly täsirli pursatlardan soňra ýaşuly nesliň wekilleri «Bismilla» bilen pagta ýygymyny başlap berdiler. Ýygymçy gyzlaryň topary bolsa agzybirlik, ruhubelentlik bilen atyzlarda ak patrak bolup oturan, ak bagtymyza deňelýän «ak altyn» hasylyny köpçülikleýin ýygmaga girişdiler. Ekin meýdanynda guralan geňeş-maslahatda hünärmenler möwsümde ýerine ýetirilmeli düzgünler barada gürrüň edip, ýygym tehnikalaryndan netijeli peýdalanmagyň, ýol hereketiniň kadalaryny we ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmegiň wajyplygyna ünsi çekdiler. Bular babatda sowal-jogaplar alşyldy. Gyzylarbat etrabynyň pagta arassalaýjy kärhanasynda şanly ýylyň pagta hasylynyň ilkinji tonnalaryndan ýüklenen «ak altyn» kerwenini garşylamak dabarasy hem şatlyk-şowhuna, aýdym-sazlara  beslendi.

Täze habarlar