Ak azatmahy

Ýurduň çäginde
21.03.2026
93

Ak azatmahy

Hazar deňziniň suw aýtymlarynda, günorta we ortaky böleklerinde, deňziň şory az meýdanlarynda hem-de derýalaryň aşaky akymlarynda 30 — 50 metr çuňlukda ýaşaýan ak azatmahy balygy güýzüne deňziň demirgazyk bölegine gidýär we ýaz aýlaryna çenli şol ýerde bolýar. Kenara seýrek, esasan, ýazyň başynda gelýär, düýbi çägeli we daşly ýerlerde ýaşaýar. Ak azatmahy balygy 11 ýyla çenli ýaşaýar. Derýalarda, esasan-da, oktýabr, noýabr aýlarynda sowuk suwly, çägeli-daşly ýerlerde köpelýär. Önümliligi 400 müň işbile çenli bolup, işbilleri suwuň düýbünde ýerleşýär hem-de 200 günüň dowamynda ösüp ýetişýär. Ak azatmahy balyklary işbillerini her ýylda däl, 2-3 ýyldan soň, gaýtalap taşlaýar. Işbil taşlandan soň, ululary ýaşlary bilen bir hatarda deňze geçýär we leňňeç, balykgulak bilen iýmitlenýär. Tomsuna aglaba külke, ýaşajyk takgaz balyklar bilen, güýzüne çapak we maňňalaçlar bilen iýmitlenip, suwuň temperaturasy ýokary bolmadyk 50 metre çenli çuňlukda Hazar deňziniň salkyn suwunda ýaşaýarlar. Ak azatmahy balygy 1999-njy ýyldan bäri Türkmenistanyň Gyzyl kitabynda bolmak bilen, «Hazar» döwlet tebigy goraghanasy tarapyndan goralýar.

Täze habarlar

Ýurduň çäginde
Ýurduň çäginde
Ýurduň çäginde