Ak azatmahy

Ýurduň çäginde
10.09.2026
57

Ak azatmahy

 Hazar deňzinde balyklaryň ençeme görnüşleri duş gelýär. Şolaryň biri-de ak azatmahydyr. Bu balyklar Hazaryň günorta we ortaky böleklerinde, deňziň şory az meýdanlarynda hem-de derýalaryň aşakky akymlarynda 30-50 metr çuňlukda ýaşaýarlar. Ak azatmahy 11 ýyl töweregi ýaşaýar. Deňziň sowuk suwly, çägeli-daşly ýerlerinde işbil taşlamak bilen köpelýär. Azatmahy her ýyl däl-de, 2-3 ýyldan soň, gaýtalap işbil taşlaýar. 400 müňe golaý işbil suwuň düýbünde ýerleşýär hem-de 200 günüň dowamynda ösüp ýetişýär. Ak azatmahylar külke, ýaşajyk takgaz, çapak balyklary, maňňalaçlar, leňňeçler, balykgulaklar bilen iýmitlenýärler.