
Ak durna
Ak durna demirgazyk sebitlerde ýaýran durnalaryň bir görnüşidir. Örän täsin hem owadan bu guşlara gadymy döwürlerden bäri uly üns berlipdir hem-de olary güle meňzedip, “Liliýa guşlary” diýip hem atlandyrypdyrlar. Dünýä halklarynyň eposlarynda, rowaýatlarynda ak durnalara hoşmeýilligiň, adalatlylygyň simwoly hökmünde garalypdyr. Gadymy grek-rim simwolikasynda bolsa bu guşlar ýaz paslyna hem-de ýagtylyga deňelipdir. Geçen asyryň 70-nji ýyllarynda Durnalary goramagyň halkara gaznasynyň döredilmegi bilen ak durna dürli ýurtlaryň alymlarynyň we tebigaty öwrenijileriniň ünsüni özüne çekip başlady. Häzirki wagtda ak durnalaryň sany az bolup, alymlaryň maglumatlaryna görä, olar dünýä ýüzünde takmynan 2900-3000 sanydyr.
Ak durna iri guş bolup, onuň boýy bir metrden geçýär, ganatlarynyň ululygy 2-2,5 metre barabar, agramy 5-8,6 kilogram aralygynda bolýar. Özüniň höwürtgesini barmasy kyn bolan batgalyk, çuňlugy 30-40 santimetr bolan suwly ýerlerde gurýarlar.
Ak durna demirgazyk sebitlere ýaýran, bu guşlar diňe barmasy kyn bolan batgalyk, çygly düzlük ýa-da tokaýly ýerlerde ýaşaýarlar. Gyş paslynda ak durnalar Hindistanyň batgalyk çäklerine, Eýranyň demirgazygyna, Hytaýyň Ýanszy derýasynyň kenar ýakalaryna uçup barýarlar. Biziň ýurdumyzyň çäklerinde ak durnalar ýaşamaýarlar. Ýöne olar güýz we ýaz aýlarynda göçüş döwründe Hazar deňziniň kenarlarynda düşleýärler. Şol pursatlarda ak durnalar tebigatymyzyň aýrylmaz bir gözel bölegine öwrülip, ony baýlaşdyrýar. Ak durnalar biziň alymlarymyz tarapyndan hem öwrenilýär.