Ak öýleriň bezegi
Suwluk ýerlerde bitýän, bogun-bogun uzyn baldagynyň içi deşikli köpýyllyk ösümlik bolan gamyş ak öýleriň täriminiň daşyndan aýlamak üçin giňden ulanylypdyr. Gamyşlar telärleriň üstüni basyrmak üçin peýdalanylypdyr. Mundan başga-da, dokalan gamyş keçe basmakda hem ulanylypdyr. Ak öýleriň gamşyny dokamak üçin gargy gamyşlar zerur bolupdyr. Gamyş ak öýüň gabarasyna görä örülipdir. Öý gamşy örülende ýa-da öýüň daşyna aýlananda, berkitmek üçin ulanylýan inçejik ýüpe “gamyşbag” diýilýär. Gamyş örülende, daşyna gamyşbagy saralan, agramlyk üçin asylýan daş bolsa “gamyşdaş” diýlip atlandyrylýar. Ak öý dikilip, güýz ýüňünden edilen ak keçe bilen eşiklenenden soň, onuň daşyna sary gamyş aýlanýar. “Öý görki — gamyş, gyz görki — kümüş” diýlişi ýaly, dokalan gamyşlar hatar dikilen ak öýlere özboluşly bezeg beripdir. Gargy gamyşdan üflenip çalynýan saz guraly tüýdük ýasalypdyr. Oňa “gargy tüýdük” diýilýär.