«Akjaýaryň» küştdepdileri

Medeniýet
06.06.2023
398

«Akjaýaryň» küştdepdileri

Halk döredijiliginiň köpöwüşginliligini görkezmekde, dünýä ýaýmakda ýurdumyzda hereket edýän folklor toparlaryna uly orun degişlidir. Balkanabat şäheriniň Hazar şäherçesiniň «Akjaýar» halk folklor topary hem şolaryň biridir. Ol halkara dabaralardyr festiwallara, döwlet derejesinde geçirilýän konsertlere gatnaşyp, üstünlikli çykyş edip gelýän folklor toparydyr. Bilşimiz ýaly, Balkan welaýaty diýlende, milli küştdepdi tansy we onuň gazallary göz öňüne gelýär. «Akjaýaryň» agzalarynyň ýerine ýetirýän küştdepdileri aýratyn öwüşginliligi bilen tapawutlanýar. 1982-nji ýylda döredilen toparyň agzalary küştdepdiniň irki «Zem-zem», «Bir depim», «Diwana», «Üç depim», «Hymmyl», «Oturma gazal» ýaly görnüşlerini, şeýle hem türkmen milli toý dabaralaryny suratlandyrýan döwrebap çykyşlary ussatlyk bilen ýerine ýetirmegi başarýarlar.

«Akjaýar» halk folklor topary Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň birnäçe gezek ýeňijisi boldy.

Täze habarlar

Ýurduň çäginde
Ýurduň çäginde
Ýurduň çäginde