
Akyldar şahyryň dogduk mekanyndaky dabara
Magtymguly etrabyndaky Magtymguly Pyragy muzeýinde beýik şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat we Magtymguly etrap birleşmeleriniň hem-de «Arkadag» teleýaýlymynyň bilelikde guramaklarynda aýdym-sazly çäre geçirildi. «Jeýhun bilen bahry-Hazar arasy» ady bilen geçirilen dabaraly çärä medeniýet, bilim ulgamlarynyň, kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň işgärleri, ýaşlar gatnaşdylar.
Dabarada edilen çykyşlarda baý edebi mirasymyzyň, şahyryň döredijiliginiň hemmetaraplaýyn öwrenilýändigi, üstümizdäki ýylyň şygarynyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylmagynda hem uly many-mazmunyň bardygy nygtaldy. Şeýle-de bu ýerde muzeý gymmatlyklarynyň we senetçiligiň dürli görnüşleriniň sergileri guralyp, olar çärä gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.