
Akyldaryň ady dillerde dessan
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna goşulandygy baradaky şatlykly waka mynasybetli Balkan welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda dabaraly maslahat geçirildi. Oňa il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, jemgyýetçilik guramalarynyň, ylym-bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynyň işgärleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe akyldar şahyr Magtymguly Pyraga goýulýan hormat-sarpanyň has-da belende göterilýändigi her birimizi buýsandyrýar. Özüniň çuňňur garaýyşlaryny çeper söz arkaly ussatlyk bilen beýan edip, ynsanlaryň ýüreklerinde baky orun almagy başaran söz ussadynyň eserlerini bu gün tutuş dünýä halklary öwrenýär. Magtymguly Pyragynyň ajaýyp şygyrlary göwher gaşy ýaly öz öwüşginini ýitirmeýär. Olar bakylyga öwrülen ruhy baýlykdyr, hazynadyr.
Maslahatda çykyş edenler şular dogrusynda buýsançly gürrüň etdiler. Soňra Balkan welaýatynyň sungat ussatlarynyň çykyşlaryna giň orun berildi. Welaýat döwlet drama teatrynyň artistleriniň türkmen nusgawy şahyrlarymyzyň eserlerine bagyşlap ýerine ýetiren edebi-sazly kompozisiýasy hem bu ýere ýygnananlara ruhy lezzet paýlady.