
Akyldaryň dünýä dolýar sarpasy
2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli Balkanabat şäherindäki nebitçileriň medeniýet köşgünde welaýat häkimliginiň, welaýat medeniýet müdirliginiň we jemgyýetçilik guramalarynyň guramagynda dabaraly maslahat geçirildi. «Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent pähim-paýhasy, dünýä dolýar Magtymguly Pyragynyň sarpasy» diýen at bilen geçirilen maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň we ýaşuly nesliň wekilleri, saglygy goraýyş, bilim we medeniýet ulgamlarynyň işgärleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Üstümizdäki ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmeginiň çuň manysy bar. Munuň özi zähmetsöýer halkymyzyň ýürek arzuwynyň aýdyň beýanydyr. Geçen ýyllarda bolşy ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem berkarar Watanymyzda uly zähmet ýeňişleri gazanylar, il-ýurt bähbidine gönükdirilen iri möçberli taslamalar rowaçlyklara beslener. Şular dogrusynda giňişleýin gürrüň edilen maslahatda welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň, welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyp ýaşlarynyň taýýarlan aýdym-sazly çykyşlaryna giň orun berildi. Ussatlyk bilen ýerine ýetirilen aýdym-sazlarda ýurdumyzda amala aşyrylýan il-ýurt bähbitli işler, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri, pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy wasp edildi.