Alabaý itleri

Ýurduň çäginde
30.04.2025
411

Alabaý itleri

Ýer ýüzündäki iň gadymy tohum itleriň biri hasaplanylýan türkmen alabaýynyň syraty, ilkinji nobatda, orta boýdan daýaw göwreliligi bilen tapawutlanýar. Onuň esasy aýratynlyklarynyň biri gerşiniň beýikliginiň aşak çäginiň 60-70 santimetr bolmagydyr. Süňki iri, agyr, bedeni kuwwatly, eginleri we dyz bogunlary mese-mälim gönelen alabaýyň dik durşunyň özem owadanlykdyr we ol güýçlüligi, çydamlylygy, Orta Aziýanyň sähra howasynyň üýtgemelerine uýgunlaşanlygy bilen tapawutlanýar. Milli buýsanjymyz bolan alabaýyň reňki aglaba ak, gara, açyk sary, gyzylymtyl-goňur, çypar, gaplaň reňk, ala-mula görnüşlerinde bolýar. Olaryň atlary-da köplenç reňkleri bilen baglanyşyklydyr. Seçgiçiler gözleriniň üstünde gara, goňur tegmili bolan ala-mula itleri sap ganly alabaýlar hasap edýärler.

Gadymy döwürlerden alabaýa arslana meňzeş haýbatlylygyň, ýasy tumşuklylygyň, giň döşlüligiň, dişleriniň aýyl-saýyl bolup durmagynda söweşjeň  ruhlulygyň mahsus bolandygyna ýurdumyzyň dürli künjeklerinde geçirilen arheologiki gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde toplanan maglumatlar esasynda hem göz ýetirmek bolýar. Alabaýyň dessur boýunça jaýlanan  ystyhanlary häzirki wagta çenli Ajyguýy, Änew, Altyndepe, Jeýhun ýadygärliklerinde ýüze çykaryldy. Onuň heýkeli Altyndepe, Gäwürgala, Hazarekdepe, Araphana, Goňurdepe ýadygärliklerinden, şekili haşamlanan möhürler Baktriýa we Margiana medeniýetlerine degişli arheologiýa ýadygärliklerinden tapyldy. Nusaý ritonlarynyň biriniň bezeginde hem uly itiň şekiliniň bardygyny bellemek gerek.

Zenanlarymyzyň el hünärleriniň nagyş-göllerinde hem alabaýyň keşbi öz mynasyp ornuny eýeländir. Haly, palas, keçe önümlerine «güjük yzy», «tazyguýruk» ýaly göl-nagyşlar salnyp, ol önümler köplenç halatlarda itiň ojagy erbet ruhlardan goraýandygyna bolan ynanja laýyklykda, ak öýleriň bosagalaryna ýazylypdyr. Alabaýlary bir ýarym-iki aýlyk bolandan soňra süýtden aýryp, aýratyn nahara tutup, seýisläp başlaýarlar. Aslynda, güjükler 58-62 gün ene garnynda bolup, dişlije dogulýarlar. Şol dogabitdi  dişlere süýt dişleri diýlip, olar güjükler 4 aýlyk bolanlaryndan soň düşýärler we täzeden hakyky, berk dişler çykýar. Dişler göni öser hem-de ýiti bolar ýaly, güjükler hemişe gözegçilikde saklanylýar.

Alabaýlaryň güjükleri ulalýança birnäçe döwri başyndan geçip, olar aşakdaky tapgyrlara bölünýärler:

1-nji döwür dünýä inip, 35 gün geçýänçä aralygy öz içine alýar. Bu döwürde güjüjek has ejiz bolup, ol, esasan, enesiniň süýdi bilen iýmitlenýär. Doglandan soň 10-15 günüň dowamynda güjüjegiň gözleri açylýar we ol sesleri seljerip başlaýar.

2-nji döwür 35-60 gün aralygy öz içine alýar. Bu döwürde oňa süýdüň daşyndan gatyk we et berilýär. Bu döwürde güjüjege öz adyny bilmegi öwretmäge çalşylýar.

3-nji döwür 2 aýlykdan 6 aýlyga çenli aralygy öz içine alyp, bu döwürde itde üýrmek, goranmak ýaly häsiýetler kemala gelýär.

4-nji döwür 6 aýlykdan 12 aýlyga çenli aralygy öz içine alýar. Bu aralykda onda uly itlere mahsus häsiýetler kemala gelýär.

5-nji döwürde ol ähli taraplaýyn kemala gelen hakyky it bolup ýetişýär.