Alabeder syrtlan

Ýurduň çäginde
14.04.2025
817

Alabeder syrtlan

Özüniň alabederligi, häsiýetleriniň aýratynlyklary bilen alabeder syrtlan adyny alan bu haýwana dünýäniň köp ýerlerinde, şol sanda biziň ýurdumyzda hem gabat gelmek bolýar.

Alabeder syrtlanyň göwresi uly bolup, bedeniniň uzynlygy 1 metre, agramy 60 kilograma çenli ýetip bilýär. Ol tebigatda duşýan iň mekir ýyrtyjy haýwanlaryň biridir. Onuň gaty we uzyn tüýleri bar. Göwresiniň gapdal taraplarynda gara zolaklar uzap gidýärler. Şonuň üçin hem ony ilki göreniňde gaplaňdyr öýdüp pikir etmek hem mümkindir.

Beýleki ýyrtyjylar ýaly, bu haýwan hem köplenç gijelerine, alagaraňky wagtlarda awa çykýar. Ýöne ýaz aýlarynda gündizlerine-de onuň işjeňligi artýar diýýärler. Sebäbi şol döwürlerde onuň esasy iýmiti bolan pyşdyllar meýdana çykýarlar. Alabeder syrtlanyň dişi örän ýiti bolýar. Onuň miweleri, gök-bakja önümlerini hem iýmit hökmünde ulanýandygy anyklanylypdyr. Bu haýwan öz gazan hininde ýaşaýar. Onuň örän ukuçyl bolýandygyny hem belleýärler.

Täze habarlar