Alajagaplaň

Ýurduň çäginde
22.12.2025
165

Alajagaplaň

Tebigatda gaplaňlaryň birnäçe görnüşi gabat gelip, şolaryň biri hem alajagaplaňdyr. Bu haýwanyň göwresiniň uzynlygy 1,3-1,8 metre çenli ýetýär, iň ulusynyň agramy 70 kilograma golaýlaýar. Alajagaplaň örän güýçlüdir, öň aýaklarynyň penjeleri ýitidir. Onuň endamy menek-menek tüý bilen örtülendir, garnynyň aşagy, aýaklarynyň arasy agymtyl reňkde bolýar. Alajagaplaň, köplenç, ýeke gezmegi halaýan haýwanlaryň biridir. Bu onuň hiç zatdan heder etmeýändiginden habar berýär. Hatda ene alajagaplaň öz çagasyny-da ýekelikde ösdürip ýetişdirýär. Ýöne şeýle wagtda onuň möjek, syrtlan ýaly howply duşmanlary-da az bolmaýar. Şeýle ýagdaýda ene alajagaplaň çagasyny örän berk goraýar. Alajagaplaň biziň ýurdumyzda Uly we Kiçi Balkan daglarynda, Köpetdagda, Bathyz töwereklerinde duş gelýär. Ol daşyndan örän haýbatly, howply görünse-de, beýle rehimsiz däldir. Barybir ondan ägä bolmak maslahat berilýär. Alajagaplaň Halkara Tebigaty goramak birleşiginiň hem-de ýurdumyzyň Gyzyl kitaplarynda hasaba alnandyr.