Alajagaplaň — daglarymyzyň bezegi

Syýahatçylyk
08.03.2023
152

Alajagaplaň — daglarymyzyň bezegi

Balkan welaýatynyň çäginde ýerleşýän Uly we Kiçi Balkan daglary ösümlik hem-de haýwanat dünýäsiniň baýlygy bilen tapawutlanýar. Bu ýerlerde dag tekelerine, keýiklere, käkiliklere köp duş gelmek bolýar. Uly we Kiçi Balkan daglarynda, Köpetdag, Sünt-Hasardag döwlet tebigy goraghanalarynyň çäginde alajagaplaňlara duş gelinýär.

Alajagaplaň — pişikler maşgalasyna degişli bolup, dagyň çuň derelerinde arçalyklarda, pes daglyklarda ýaşaýar. Ol güýçli we uly ýyrtyjy haýwanlaryň biridir. Bedeniniň uzynlygy 130-180 santimetre çenli bolup, agramy 70 kilograma ýetýär, aýaklary uzyn, göwresi süýnmek we örän owadan haýwandyr. Alajagaplaňa has owadanlyk berýän onuň guýrugydyr. Guýrugynyň uzynlygy 120 santimetre ýetýär. Öň aýaklary ýognas, güýçli we ýaýbaň penjelidir. Derisindäki sütükleri gytyk hem-de keltedir. Sütükleriniň reňki gara-goňur ýa-da goňurrak bolup, käýerinde agymtyl, çal halka meňzeş tegmilleri bar. Alajagaplaň ýekelikde belli bir ýerde ýaşamaga uýgunlaşandyr. Ol dagyň iň belent depelerinde, arça we zirk tokaýlyklarynda ýekelikde duş gelýär. Alajagaplaňyň esasy iýmiti ýabany toýnakly haýwanlar, dag tekeleri, keýikler, oklukirpilerdir. Ol örän çalt ylgaýan ýyrtyjy haýwan bolup, onuň tizligi sagatda 60-90 kilometre ýetýär. Alajagaplaňyň dünýäde iň köp duş gelýän ýeri Afrikadyr. Az sanlysy Aziýa sebitlerinde hem duş gelýär. Düýbünden ýitip barýan we ýaýrawy örän çäkli görnüş bolany üçin, alajagaplaň Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizildi hem-de ýurdumyzyň Sünt-Hasardag, Köpetdag, Bathyz döwlet tebigy goraghanalarynda goralýar, dünýäniň haýwanat baglarynda saklanýar we köpeldilýär.

Täze habarlar

Ýurduň çäginde
Ýurduň çäginde
Ýurduň çäginde