
Alajagözen
Ýurdumyzyň tebigatynyň haýwanat dünýäsi dürli-dürlüdir. Onda täsin jandarlaryň ençemesine duş gelmek bolýar. Şolaryň birem alajagözendir. Daşky sypatynyň aladygy üçin ol şeýle atlandyrylýar. Ol islendik howpa garşy hilegärlik, çalasynlyk, goranyş hem hüjüm etmek endiklerine eýedir. Samyrlar maşgalasyndan bolan alajagözenler çöllük, ýarym çöllük, dag etegindäki düzlük we baýyrlyk ýerlerde ýaşaýarlar. Welaýatymyzda Günorta-Günbatar Köpetdagda, Balkan dagynda duş gelýär. Özleri hin gazynmaýarlar, gemrijileriň sürenlerinde ýaşaýarlar. Onuň tumşugy süýri, kellesi kiçi hem inçe, gulagy uly we ujy çüri, aýaklary kelteden daýaw bolýar. Bu bolsa alajagözeniň gemrijileriň süreniniň içinde hereket etmäge we gijesine aw üçin uzak ýerlere aýlanmaga uýgunlaşandygyny görkezýär. Onuň bedeniniň uzynlygy 28 - 35, guýrugynyňky bolsa 12 - 18 santimetrdir. Olar gündizine hinlerde dynç alyp, iňrik garalanda, gijesine aw edýärler. Ownuk jandarlar we gemrijiler bilen iýmitlenýärler. Gara-ala reňki ony gijesine töweregine çalymdaş edýär we ýyrtyjylaryň howpundan goraýar.