Alaňňyrt
Alaňňyrt Garagum sährasynda iň köp duş gelýän jandarlaryň biridir. Süýdemdirijiler maşgalasynyň gemrijiler ugruna degişli bolan bu jandaryň bedeniniň agramy belkanyň beden agramy bilen deňräkdir, ýagny 800 gram töweregidir.
Alaňňyrdyň uzyn we inçe süňkli barmaklary bar, şol sebäpli käbir ylmy çeşmelerde bu jandar “inçe barmakly alaka” diýlip hem atlandyrylýar. Aýaklarynyň üýtgeşik gurluşy böküp hereket etmäge ýardam edýär. Bedeniniň tüý örtüginiň köp bölegi çäge reňkli, arka böleginiň tüý örtügi sarymtyl reňklidir.
Ol tüý örtügini ýylda iki gezek täzeleýär. Alaňňyrdyň tüý örtügi gyş aýlarynda örän gür we uzyn, tomusda bolsa, tersine, gysgadan seýrek bolýar. Yzky aýaklarynyň dabany öňki aýaklarynyňkydan ep-esli uludyr.
Alaňňyrdyň esasy iýmiti çöl ösümlikleriniň kökleri we soganlyklarydyr. Ir baharda çäge çyrşynyň, beýleki otjumak ösümlikleriň ýumşajyk ter ýapraklary bilen iýmitlenýär. Iýmitiň ýetmezçilik edýän ýerlerinde gandymyň, çerkezdir sözeniň miweleri hem-de tohumlary bilen hem iýmitlenip gezýär. Tomsuň jöwzaly yssysynda teşneligini gandyrmak üçin ýylagyň düýbündäki ýaşyl baldajyklaryny gazyp iýýär. Alaňňyrt tomzaklar, garynjalar, çekirtgeler, gurçuklar, kebelekler bilenem iýmitlenýär. Esasan-da, köpeliş we çagalaryny süýt bilen ekleýän döwründe onuň bedeni has köp iýmit talap edýär.