Almabaş ördek
Hazar döwler goraghanasynyň Esenguly meýdançasynda gyşlamak üçin topar-topar bolup uçýan guşlaryň 240-den gowrak görnüşine gabat gelinýär. Şolaryň birem gyzylburun çümgüç ýa-da almabaş ördekdir. Bu guşlar köpelenlerinde, ýalpak suwly gamyşlaryň arasynda gamşyň baldaklaryndan höwürtge ýasaýarlar. Höwürtgelerinde 7-9 sany ýumurtga goýýarlar. Jüýjeleriniň reňki goňrumtyl-çal öwsüp, ak tegmilleri bolýar. Kelleleri açyk sarymtyl reňklidir. Jüýjeleri suw otlarynyň dänejikleri, inçejik baldajyklary, owunjak suw jandarlary bilen iýmitlenýärler. Uly almabaşlaryň mäkiýanlarynyň bedeni çalymtyl kül reňkde, burunlary açyk gyzyl reňkde bolýar. Agramy 1,5 kilograma ýetýän bu guş aw ördekleriniň içinde iň köp ýaýranydyr. Topar-topar almabaşlaryň oturan ýerlerini uzakdan «kerr-kerr-kerr» edip, gaty gygyrýan seslerinden bilmek bolýar. Jüýjeleri pessejikden sykylyk çalýarlar.