Altyn medala mynasyp boldular

Ýurduň çäginde
27.07.2022
201

Altyn medala mynasyp boldular

Ýaş nesliň okamagy, öwrenmegi, sowatly, çuňňur bilimli bolup ýetişmegi üçin döredilýän mümkinçiliklerden peýdalanyp, mekdep okuwçylary diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, daşary ýurtlarda geçirilýän halkara bäsleşiklere hem gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolmagy başarýarlar. Şeýle abraýly halkara bäsleşikleriň biri UNIPO-2022 halkara taslama bäsleşigi ýakynda onlaýn görnüşinde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherinde geçirildi. Oňa mekdebimiziň mugallymy Saparnepes Atabaýewiň ýolbaşçylygynda 11-nji synp okuwçysy Eziz Tatarow we 10-njy synp okuwçysy Meýlis Gaýypgulyýew gatnaşdylar. Bäsleşikde okuwçylarymyzyň IT programmalaşdyrmak ugry boýunça hödürlän «Sagdyn durmuş» atly programmasy altyn medala mynasyp görüldi.

Ýeri gelende bellesek, halkara bäsleşige Indoneziýadan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Laosdan, Makedoniýadan, Mozambikden, Mýanmadan, Türkiýeden, Wýetnamdan, Russiýadan, Özbegistandan alty ugur boýunça zehinli okuwçylaryň 100-e golaý işi hödürlenildi. Şolaryň arasynda türkmen ýaşlarynyň saýlanyp, baýrakly orna mynasyp bolmagy ýurdumyzda bilim syýasatynyň oňyn netijeleri berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.