Altyn medalyň eýesi “Galkan”

Sport
22.04.2024
559

Altyn medalyň eýesi “Galkan”

20-nji aprelde tamamlanan hokkeý boýunça Halkara ýaryşyň ýeňijisi bolan “Galkan” toparynyň hokkeýçileri görkezen ýokary netijeleri bilen topary ýeňlişsiz çempion etmegi başardylar. Jemi 10 toparyň gatnaşmagynda geçirilen ýaryşda toparlar ilki “A” we “B” toparçalara bölünip bäsleşdiler. Ýaryşyň düzgünnamasyna laýyklykda bolsa iň köp utuk toplan her toparyň birinji ornundaky toparlar ýagny “A” toparçadan “Galkan”, “B” toparçadan bolsa “ADIHIC-Kazan” toparlary final duşuşygyna çykmaga hukuk gazandylar. Dartgynly geçen final duşuşygynda bolsa 4:2 hasap bilen ýerli “Galkan” toparymyz çempion bolmagy başardy. Ýeri gelende bellesek finala çykan iki topar hem toparçalardaky geçiren 4 duşuşyklarynda hem ýeňiş gazanyp 12 utuk topladylar.

Her toparyň ikinji ornundaky toparlar bolsa özaralarynda üçünjilik üçin bäsleşdiler. “A” toparyň ikinji basgançagynda Özbegistanyň “Feniks” topary bilen “B” toparyň ikinjisi Belarussiýanyň “Volat” topary güýç synanyşdylar. Belarussiýaly hokkeýçiler 12:4 hasapda ýeňiş gazanyp, bürünç medalyň eýeleri bolmagy başardylar.

Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen ýaryşda çempionlyk gazanmakdaky bitiren möhüm hyzmatlary üçin “Galkan” toparynyň tälimçisi Meýlis Kuliýewa we onuň kömekçisi Ylýas Weliýewe “Türkmenistanyň at gazanan tälimçi” diýen hormatly at berildi.