Araba we onuň arşy

Taryh
24.06.2025
58

Araba we onuň arşy

Araba gadymy eýýamlardan bäri türkmen halkynyň durmuşynda giňden ulanylyp gelnipdir. Halkymyzyň ýaşaýşynda araba diňe bir hojalykda ýük daşamak üçin ulanylman, eýsem, söweşlerde hem ony giňden peýdalanypdyrlar. Gadymy döwürden biziň günlerimize gelen ýeten arabalar ýyllaryň dowamynda kämilleşip, dürli üýtgeşmelere sezewar bolupdyr. Ýöne olarda esasy üýtgemedik zat, ol hem arabalaryň ata, eşege ýa-da düýä goşmak üçin ulanylýan arşydyr. Araba arşy ýönekeý gurluşy bilen gadymy döwürlerden biziň häzirki günlerimize üýtgewsiz diýen ýaly gelip ýetipdir. Araba arşy halkymyzyň «arşyn» sözünden gelip çykyp, ol «tirsek», «gol» diýen manylary beripdir. Araba arşy diýlip diňe bir arabanyň ata ýa-da eşege goşulýan iki gapdal agaç egnine aýdylman, eýsem, onuň öň tarapynda ýörite arabaçynyň oturmagy üçin niýetlenen göterme bölegini aňlatmak üçin hem ulanylypdyr. Umuman, aryş arabanyň gurluş özeni hasaplanylyp, arabada bar bolan ähli bölekler şoňa berkidilipdir. Ýurdumyzyň çägine ilkinji awtoulaglaryň we traktorlaryň gelmegi bilen arabalar öz ähmiýetini ýitirip başlapdyr we ýükleri daşamakda olara bolan talap gün-günden pese gaçypdyr. Ýöne arabalar ata-babalarymyzyň durmuşynyň aýrylmaz bölegidir we olaryň halkymyzyň aňyndaky gadyr-gymmaty hiç haçan pese düşmez.