
Arnap agajy
Arnap agajy Diýarymyzyň Köpetdag, Köýtendag sebitlerinde ýabany görnüşde gabat gelýän dermanlyk ösümlikleriň biridir. Şeýle-de, ol Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň jülgelerinde hem duş gelýär. Onuň boýy 8-10 metre barabar bolup, yssa, sowuga hem-de gurakçylyga çydamly haýal ösýän agaçdyr. Uzak ýaşaýan agaç hasaplanýandygy üçin 100 ýylyň dowamynda hasyl bermäge ukyplydyr.
Arnabyň igdä meňzeş gyzylymtyl-goňur reňkli miwesi dermanlyk häsiýetlere eýedir. Halk lukmançylygynda ösümligiň miwesinden, ýapragyndan we gabygyndan taýýarlanan melhemlik petini, jöwherini we şerbetini ir wagtlardan bäri sowuklamada, bagyr-böwrek, aşgazan kesellerinde ulanypdyrlar. Belli alymlar Abu Aly ibn Sina, Seýit Ysmaýyl Gürgenli, Muhammet Hüseýin onuň dermanlyk häsiýetleri barada öz eserlerinde belläp geçipdirler.
Arnap iýmit hökmünde terligine, kak edilen hem-de senagat taýdan gaýtadan işlenilen görnüşde peýdalanylýar. Mürepbe, kompot görnüşinde ulanylanda, onuň bejerijilik häsiýeti ýitileşýär.