Ary

Ýurduň çäginde
06.11.2025
193

Ary

Miweleriň we gök önümleriň ýetişmeginde arylaryň tozanlandyrma işiniň ähmiýeti örän uludyr. Ylmy taýdan anyklanan 20 müňden gowrak görnüşi bolan arylaryň arasynda Günbatar balarysy has köp bolup, bu arylaryň 500-600 görnüşi bardyr. Arylar ganatyny göz öňüne getirişimizden has çalt hereketlendirýärler. Balary sekuntda 230 gezek ganat kakýar. Eşidilýän «wyz» sesi arylaryň uly tizlikde ganar urmagyndan emele gelýär. Balarylaryň 6 aýagy, kellesiniň gapdalynda 2 sany ýanaşyk gözi, 2 jübüt ganaty, nektar haltajygy we aşgazany bar. Bu möjejikleriň kellesiniň depesinde 3 sany kiçijik gözi hem bar. Balarynyň ömri 4-6 hepde bolup, şonuň dowamynda, takmynan, 20 müňden gowrak gülden şire toplaýar. Arysyz ýeke-täk yklym Antarktida hasaplanýar. Sowuk howa şertleri, ösümlikleriň we süýji suwuň ýetmezçiligi sebäpli bu ýerde arylar ýaşamaýar. Aryçylyk bilen meşgullanyp başlan iň gadymy halk müsürliler hasaplanýar. Olar 4500 ýyl mundan ozal ary idedip ugrapdyrlar. Uzynlygy 3 santimetr bolan äpet Gimalaý balarysy dünýäde iň uly balary hasaplanýar. Balarynyň bu görnüşi köweginde 60 kilograma çenli bal toplaýar. Balarylaryň 170 dürli ys saýgarmak ukyby bar. Şol sebäpli bu jandarlar biziň yssyz hasaplaýan güllerimizden hem bal öndürýärler.

Täze habarlar