Ary baly
Özüniň lezzetli tagamy, ýakymly ysy bilen köpleriň uly isleg bilen kabul edýän önümleriniň biri bolan ary baly balarylaryň kömegi bilen tebigatymyzda ösýän dürli görnüşli ösümliklerden tebigy usulda ýygnalýar. Ary baly öz düzüminde adam bedenine ýokumly köp sanly maddalary, witaminleri jemleýär. Bu önüm, esasan hem, beýniniň, bagryň we aşgazanasty mäziň işleýşine oňyn täsir edýär, holesterini peseltmäge ýardam berýär. Gündelik ýeterlik mukdarda ary baly kabul edilende immunitetiň we ýatkeşligiň güýçlenmegine, pikirlenmäniň ösmegine gowy täsir edýär. Lukmanlar uly ýaşly adamlara günüň dowamynda 2-3 çaý çemçesi, çagalara bolsa 1-2 çaý çemçesi mukdarynda ary balyny iýmegi maslahat berýärler. 18 aýdan kiçi bolan çagalara bal bermek maslahat berilmeýär. Pagtanyň, günebakaryň, garpyzyň, tikenli ösümlikleriň gülünden ýygnalan ballar has ýokary hilli bolýar. Önümiň hiliniň ýokary bolmagy balarylaryň bal ýygnaýan ösümlikleriniň ösýän ýeriniň daşky gurşaw şertlerine hem-de balarylary saklaýan adamlaryň tejribesine bagly bolýar.