Arzuwlara beslenen maslahat

Çäreler
15.01.2025
68

Arzuwlara beslenen maslahat

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Balkan welaýat hem-de etrap, şäher komitetleriniň guramagynda Balkan welaýat kitaphanasynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly şan getirsin Watana» atly maslahat geçirildi. Çykyşlarda ýurdumyzda her ýyly mynasyp atlandyrmagyň asylly däbe öwrülendigi bellenildi. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýunyň giňden dabaralandyryljak ýylynyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagynyň ýerine düşendigi barada buýsançly gürrüň edildi. Göwün joşduryjy wakalara beslenip gelen ýylyň ata Watanymyza şan-şöhrat getirjek ýyllardan bolmagy arzuw edildi.