
Sport
16.04.2024
178
Aşgabat şäherinde halkara ýaryşlar geçirilýär
Aşgabatda 15-20-nji aprel aralygynda hokkeý boýunça halkara ýaryş geçirilýär. Dünýäniň 10 döwletinden toparlaryň gatnaşmagynda geçirilýän bu ýaryşa Diýarymyzyň adyndan ýurdumyzyň ençeme gezek çempiony bolan Aşgabadyň «Galkan» topary wekilçilik edýär. Aşgabatda hokkeý boýunça ozal hem şeýle iri ýaryşlar geçirilipdi we olarda türkmen hokkeýçileri üstünlikli çykyş edipdiler.