Asylly dessur dowamat-dowam
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Gyzylarbat etrap komitetiniň guramagynda geçirilen çäre «Görküm, zynatym — milli lybasym» diýlip atlandyrylyp, ol ene-mamalarymyzdan bäri dowam edip gelýän ümeçilik dessury bilen baglanyşykly boldy. Etrapdaky çagalar baglarynyň terbiýeçileriniň, edara-kärhanalarda zähmet çekýän eli çeper gelin-gyzlaryň hem-de ýaşajyk gyzjagazlaryň gatnaşmaklarynda geçirilen çäräniň dowamynda çykyş edenler ir döwürlerden bäri ene-mamalarymyzdan miras bolup gelýän birnäçe keşde nagyşlarynyň döreýşi hakyndaky rowaýatlary gürrüň berdiler. Şeýle hem şol nagyşlaryň ýerine ýetirilişiniň inçe syrlaryny birek-birek bilen paýlaşdylar. Ümeçiligiň gadymy döwürlerden bäri gyz-gelinlerimiziň ýerine ýetirýän däp-dessurlarynyň biri bolmak bilen, häzirki wagtda oňa täzeçe röwüş berlip, has-da kämilleşdirilýändigi baradaky gürrüňler çäräniň täsirliligini has-da artdyrdy.